25-nji sentýabrda paýtagtymyz Aşgabatda hormatly
Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň
mejlisi geçirildi. Ählihalk mejlisinde ýurdumyzyň geljekki ösüşi bilen bagly ähmiýetli
meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň
çykyşyny uly üns bilen diňlediler. Milli Liderimiz öz çykyşynda ýurdumyzyň
mukaddes Garaşsyzlygynyň ähmiýetiniň uludygyny belläp, Bitarap Türkmenistanyň
halkara arenasynda gazanan üstünlikleri barada aýratyn nygtady.
Ýurdumyzyň geljekdäki ösüşi bilen bagly meseleler
babatda, hormatly Belent Serkerdebaşymyz sanly tehnologiýalaryň doly girizmek, agrosenagat
pudagynda reformalary geçirmek we welaýatlary özgertmek boýunça işleri dowam
etdirmelidigini aýtdy.
Çykyşynyň çäklerinde Milli Liderimiz Sanly tehnologiýalaryň merkezini döretmek hem-de Halk maslahaty we Türkmenistanyň Mejlisini bir bitewi wekilli häkimiýet ulgamyna birleşdirmek baradaky tekliplerini aýtdy.
Suratlary «Multimediýa» bölüminden görüp bilersiňiz!
«Milli goşun».