milli goshun logo
Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХII maslahaty geçirildi
Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХII maslahaty geçirildi
24.09.2019 526 Habarlar

23-nji sentýabrda paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХII maslahaty geçirildi. Asylly däbe görä, ählihalk baýramyna — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe gabatlanyp guralýan maslahatyň işine beýleki ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, ýurdumyzda işleýän daşary ýurtly türkmenler, şeýle hem ýurdumyzyň ähli sebitlerinden wekiller gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti bolmak bilen, dünýä türkmenlerini jebisleşdirmek boýunça işlere uly üns berýär, ýylyň-ýylyna daşary ýurtly watandaşlarymyz bilen işleşmegiň many-mazmuny çuňlaşdyrylýar we gerimi giňeldilýär, ylym we bilim, medeniýet, sungat, neşir işleri, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we sport, telekeçilik ýaly ulgamlarda gatnaşyklar işjeňleşdirilýär.

«Mekan» köşgüniň mejlisler zalynda maslahatyň açylyş dabarasy boldy, oňa hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, DTYB-nyň toparlaýyn agzalary bolup durýan syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, Ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan Birleşigiň şahsy agzalary, ylym we medeniýet işgärleri, hormatly ýaşulular, žurnalistler, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

***

Daşary ýurtly ildeşlerimiz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerine hem gatnaşarlar. Olar üçin muzeýlere we teatra, «Nusaý» döwlet taryhy-medeni goraghanasyna, paýtagtymyzdaky we onuň töweregindäki beýleki ajaýyp künjeklere baryp görmegi öz içine alýan uly medeni maksatnama taýýarlanyldy.