milli goshun logo
Aşgabatda deňze çykalgasy bolmadyk ösýän ýurtlaryň ulag ministrleriniň Halkara maslahaty geçiriler
Aşgabatda deňze çykalgasy bolmadyk ösýän ýurtlaryň ulag ministrleriniň Halkara maslahaty geçiriler
16.11.2019 1406 Habarlar

15-nji noýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow 2020-nji ýylda Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösýän ýurtlaryň ulag ministrleriniň Halkara maslahatyny geçirmäge degişli mesele barada habar berdi. Mälim bolşy ýaly, degişli teklip ýurdumyz tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji maslahatynyň barşynda beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp we deňze çykalgasy bolmadyk ösýän ýurtlaryň ulag ministrleriniň 2020-nji ýylda Halkara maslahatyny geçirmek baradaky meselä degip geçip, strategiki ulag-kommunikasiýa ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýetini nygtady. Häzirki zaman şertlerinde bu ulgam dünýä ykdysadyýetiniň hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna hem-de deňagramlylygyna gönüden-göni täsir edýän esasy ugur bolup durýar.

Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, öňümizdäki foruma ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Bu forum Aşgabatda geçirilen BMG-niň durnukly ulag boýunça birinji Ählumumy maslahatynyň barşynda başlanan işi ösdürmegiň esasy tapgyrlarynyň birine öwrülmelidir.