milli goshun logo
Aşgabatda birinji Hazar ykdysady forumyna  bagyşlanyp halkara media forum geçirildi
Aşgabatda birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanyp halkara media forum geçirildi
01.07.2019 382 Habarlar

29-njy iýunda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň guramagynda paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda şu ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda boljak birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan halkara media forum geçirildi.

Oňa daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň —Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Owganystanyň, Germaniýanyň, Gruziýanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň habarlar agentlikleriniň, teleýaýlymlarynyň, gazet-žurnallarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Dürli ýurtlaryň žurnalistleri öňde boljak forum boýunça pikir alyşdylar hem-de media forumy guraýjylar we beýleki ýurtlardan gelen kärdeşleri bilen dürli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Hazar sebitinden beýleki ýurtlaryň ösüşiniň geljekki ugurlary, syýasy, ykdysady, durmuş we ynsanperwer ulgamlar boýunça tagallalary birleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda we haryt dolanyşygyny ýokarlandyrmak üçin niýetlenen düzümleriň işi barada gürrüň edildi.