milli goshun logo
Aşgabatda Aral boýunça sebitleýin iş toparlarynyň duşuşygy geçirilýär
Aşgabatda Aral boýunça sebitleýin iş toparlarynyň duşuşygy geçirilýär
31.07.2019 339 Habarlar

30-njy iýulda paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän «Aral deňzi sebitiniň ýurtlaryna kömek bermek» hem-de «AHHG-nyň institusional-hukuk gurallaryny kämilleşdirmek» boýunça hereketleriň maksatnamasyny» (ADSM-4) işläp taýýarlamak boýunça sebitleýin iş toparlarynyň ikinji duşuşygy öz işine başlady.

Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň müdiriýetiniň 2018-nji ýylyň 30-njy ýanwaryndan 23-nji awgustyna çenli aralykda geçirilen mejlislerinde kabul edilen çözgütlere laýyklykda, AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komitetine Döwletara utgaşdyryjy suw hojalygy topary, Durnukly ösüş boýunça döwletara topar bilen bilelikde milli bilermenleri we halkara hyzmatdaşlary çekmek bilen ADSM-4 maksatnamasyny işläp taýýarlamak tabşyryldy.

Ol suw serişdelerini toplumlaýyn peýdalanmak; ekologiýa; durmuş-ykdysady; institusional-hukuk gurallaryny kämilleşdirmek ýaly ugurlar boýunça amala aşyrylýar. Bu işler Durnukly ösüş maksatlary, Howanyň üýtgemegi hakynda ylalaşyk hem-de degişli milli maksatnamalar boýunça ýurtlaryň borçnamalaryny nazara almak bilen amala aşyrylýar.

Iki günlük Aşgabat duşuşygynyň gün tertibi dört ugruň her biri boýunça ADSM-4 maksatnamasyny işläp taýýarlamak we döretmek, şeýle hem AHHG-nyň guramaçylyk düzümini we şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmek bilen bagly taslama teklipleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyny we ylalaşylmagyny öz içine alýar.