milli goshun logo
Aşgabat şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän täze desgalar
Aşgabat şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän täze desgalar
12.03.2019 799 Habarlar

11-nji martda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda milli Liderimiz şol birwagtda Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi hem-de Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikowy çagyrdy. Ministr häzirki döwürde ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ulaglaryň sazlaşykly hereketini, ýangyn howpsuzlygyny, şeýle hem degişli tertip-düzgüni üpjün etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow IIM-niň ähli gulluklarynyň sazlaşykly işiniň zerurdygyny belläp, ugurdaş desgalaryň gurluşygyna toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini aýtdy we paýtagtymyzyň çäginde ministrlige degişli gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy.

Aşgabat şäheriniň häkimi milli Liderimiziň garamagyna Aşgabadyň demirgazyk künjeginde ýerleşdirilmegi meýilleşdirilýän ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň we sport toplumynyň desgalarynyň taslamalaryny hödürledi hem-de şolaryň ýerleşjek ýerleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.