milli goshun logo
Aşgabat Jarnamasyny durmuşa geçirmek — GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň möhüm wezipesi
Aşgabat Jarnamasyny durmuşa geçirmek — GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň möhüm wezipesi
17.10.2019 400 Habarlar

Ýakynda Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň netijeleri hem-de kabul edilen resminamalary durmuşa geçirmek boýunça GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wezipeleri Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde 16-njy oktýabrda Minskide bolan Arkalaşygyň dörediji we beýleki edaralarynyň ýanynda gatnaşyjy döwletleriň hemişelik ygtyýarly wekilleriniň mejlisiniň esasy meselesi boldy.

Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenilip taýýarlanan hem-de kabul edilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnama möhüm resminama bolup durýar.

Resminamada GDA gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygynyň esasynyň deňhukukly hyzmatdaşlaryň mäkäm birleşiginden ybaratdygy bellenildi. Ol bolsa Ýewraziýa giňişliginde durnukly ykdysady ösüşiň möhüm ýagdaýyny emele getirýär. Bu birleşik Ýewropa we Aziýa ýurtlary üçin uzak möhletli hem-de geljegi uly ykdysady hyzmatdaş, yklym ähmiýetli iri energetika we ulag-üstaşyr halkasy bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat Jarnamasynda strategik ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär.

Jarnamanyň durmuşa geçirilmegi bilen, Arkalaşygyň düýpli esaslaryny has-da pugtalandyrmak, onuň giňişliginde iri ulag we energetika taslamalary amala aşyrylýan, sebitara we dünýä derejesinde döwrebap düzümler, kommunikasiýa, halkara ulag geçelgeleri, logistika merkezleri döredilýän ýer hökmünde dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagy (GDA gatnaşyjy döwletleriň her biriniň goşulyşmagynyň bolşy ýaly), Arkalaşygyň ykdysady kuwwatynyň ep-esli artmagy, şonuň esasynda, garyplygyň azalmagyny, işsizlik meselesiniň çözülmegini üpjün edýän GDA gatnaşyjy döwletleriň her biriniň netijeli hem-de durnukly ykdysady ösüşi üpjün ediler. Munuň özi GDA-nyň halkara abraýyny ýokarlandyrmakdyr, birek-biregiň mümkinçiligini artdyrmakdyr hem-de GDA-nyň halklarynyň bähbidine oňa gatnaşyjy döwletleriň ykdysady kuwwatyny netijeli peýdalanmakdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Arkalaşygyň döwlet Baştutanlarynyň sammitinde eden çykyşynda häzirki wagtda biziň maksadymyz GDA-nyň işine täze itergi bermekden, ony häzirki zaman ösüşiniň ýagdaýlaryna hem-de ugurlaryna laýyk derejä çykarmakdan, Arkalaşygyň halkara hem-de sebit gün tertibindäki özgerişliklere dogry hem-de öz wagtynda seslenmek ukybyny üpjün etmekden ybaratdyr diýip belledi.

Türkmenistan GDA-nyň işine çemeleşmelerini guramakda hut şundan ugur alyp, Arkalaşygyň ählumumy geosyýasy we geoykdysady işlere gatnaşmagyny işjeňleşdirmäge hem-de giňeltmäge gönükdirilen tekliplerini we başlangyçlaryny beýan edýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Arkalaşygyň dörediji we beýleki edaralarynyň ýanynda gatnaşyjy döwletleriň hemişelik ygtyýarly wekilleriniň Minskidäki mejlisine gatnaşanlar strategik ykdysady hyzmatdaşlyk wezipelerine ünsi jemlediler. Jarnama laýyklykda şu wezipeler hökmünde:

Arkalaşygyň hem-de GDA gatnaşyjy döwletleriň bilelikdäki ählumumy we sebit maýa goýum taslamalarynyň hem-de ykdysady çäkleri ösdürmek maksatnamalarynyň başyny başlamak arkaly dünýä hojalyk işlerine täsirini giňeltmek;

2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda BMG-niň gün tertibiniň maksatlaryna ýetmek üçin GDA gatnaşyjy döwletleriň hem-de üçünji ýurtlaryň ýa-da abraýly halkara guramalaryň ykdysady taýdan gyzyklanma bildirmegine esaslanan hyzmatdaşlygyň netijeli gurallaryny döretmek;

strategik ykdysady hyzmatdaşlyk, ählumumy we sebit maýa goýum taslamalary hem-de ösüş maksatnamalary amala aşyrylanda ekologiýa meseleleriniň bir wagtda çözülmegi bilen GDA gatnaşyjy döwletleriň geljegi uly mümkinçiliklerini birleşdirmek üçin amatly şertleri döretmek;

innowasiýalary we nanotehnologiýalary giňden peýdalanmagyň, bar bolan tebigy we ykdysady serişdeleri toplumlaýyn ulanmagyň, kiçi we orta işewürligi goldamak boýunça tagallalary birleşdirmegiň, hyzmatdaşlygyň görnüşlerini giňeltmegiň hem-de dünýäniň ykdysady ulgamynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna goldaw bermegi üpjün etmegiň hasabyna GDA gatnaşyjy döwletleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak;

dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak hem-de Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlarynda çatryklary we gatnawlary birleşdirýän halkara ulag geçelgeleriniň ugrunda GDA gatnaşyjy döwletleriň milli düzümlerini has-da ösdürmek;

GDA gatnaşyjy döwletleriň çäk we düzümleýin mümkinçiliklerini, tehniki, tehnologiýa we üstaşyr kuwwatyny birleşdirmek;

Arkalaşygyň giňişliginde maliýe durnuklylygyny üpjün etmek we pugtalandyrmak;

ykdysady durnuklylygy, şol sanda dünýä derejesinde ykdysady durnuklylygy pugtalandyrmak, halkara howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen, korrupsiýa, jenaýatçylykly ýollar bilen alnan girdejileri resmileşdirmäge hem-de terrorçylygy maliýeleşdirmäge, beýleki howplara we wehimlere garşy hereket etmek;

ählumumylaşma arkaly döreýän meseleleri bilelikde çözmekde has doly netijeliligi gazanmak, onuň artykmaçlyklaryny Arkalaşygyň hem-de GDA gatnaşyjy döwletleriň eýeleýän ornuny berkitmek üçin halkara maliýe we haryt bazarlarynda peýdalanmak;

Arkalaşygyň çäklerinde degişli halkara resminamalary taýýarlamak hem-de halkara maýa bazarlarynda onuň eýeleýän ornuny we abraýyny pugtalandyrmak üçin sanalyp geçilen wezipeleri durmuşa geçirmäge ähli derejelerde netijeli gepleşikler meýdançasyny üpjün etmek kesgitlenildi.

Mejlisde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek baradaky meselä-de garaldy, ony oktýabr aýynyň üçünji ongünlüginde Moskwada geçirmek bellenildi.