milli goshun logo
Arkalaşygyň türkmen ýyldyzy
Arkalaşygyň türkmen ýyldyzy
16.05.2019 932 Habarlar

GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumynyň çäklerinde ylym, bilim, medeniýet we sungat ulgamlarynda gazanylanlar üçin gowşurylýan «Arkalaşygyň ýyldyzlary» döwletara baýragyň eýelerini sylaglamak dabarasy boldy. Şeýle abraýly halkara guramanyň ýyldyzy hökmünde döwletara baýrak bilen sylaglanan adamlaryň arasynda ildeşimiz, Türkmenistanyň halk artisti, Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň professory Atageldi Garýagdyýew mynasyp boldy.

Goşgulary Gurbannazar Eziziň,

Nury Halmämmediň notalarynda,

Bakylyga uzap gidýär oň yzy,

Ýüreklere barýan ýodalarynda.

Dillerden-dillere aýlanýan waspyň

Goşga öwrüläge, gör, hata geldi.

Otdan ýa suwdan däl, owazdan aslyň,

Aýdyma höwrügen zor  Atageldi.

Forumda sylag gowşuryş dabarasynda sylaglara mynasyp bolan adamlaryň — Arkalaşygyň hakyky ýyldyzlarynyň adyna jan saglyk, abadançylyk hem-de zerur we möhüm işde täze üstünlikler arzuw edildi. Baýrak eýeleri hem öz nobatynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ajaýyp dostluk we ylham baýramçylygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

«Milli goşun».