milli goshun logo
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby çapdan çykdy
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby çapdan çykdy
26.12.2023 4285 Habarlar

Ozal habar berşimiz ýaly, düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň başynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara we ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, ýakynda «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň çapdan çykandygyny, onda ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň jemi jemlenýändigini aýtdy.

Hawa, tamamlanyp barýan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda zehinli ýaşlarymyz ata Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşdular. Türkmen ýaşlarynyň bu ajaýyp ýylda gazanan üstünlikleri halkymyzy juda buýsandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň bu kitaby ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanyp, ertir – 27-nji dekabrda geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahata we sergä ajaýyp sowgat bolar.