milli goshun logo
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Endo Toşiakini kabul etdi
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Endo Toşiakini kabul etdi
15.05.2024 240 Habarlar

Düýn – 14-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy kabul etdi.

Myhman türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň we Premýer-ministri Fumio Kisidanyň döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň abraýly halkara düzümleriň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy. Türkmenistanyň we iri ýapon kompaniýalarynyň dürli ulgamlarda, şol sanda gaz pudagynda, himiýa senagatynda hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesini toplandyklary bellenildi. Şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamyň türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy nygtalyp, geljek ýyl Ýaponiýada «EKSPO – 2025» Bütindünýä sergisiniň geçiriljekdigi aýdyldy. Bu serginiň Günüň dogýan ýurdunda geçirilmegini goldap ses beren Türkmenistan onuň işine gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy döwletara hyzmatdaşlygyň özara hoşmeýilli erk esasynda ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.