milli goshun logo
Arkadag şäherinde FIFA-nyň Okuw-usulyýet merkezi gurlar
Arkadag şäherinde FIFA-nyň Okuw-usulyýet merkezi gurlar
05.05.2023 2037 Sport

Türkmeniň paýtagtyndan 30 kilometr uzaklykda gurulýan Arkadag şäherinde FIFA-nyň Okuw-usulyýet merkezi gurlar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Futbol assosiasiýalary halkara federasiýasynyň (FIFA) baştutany Janni Infantino bilen geçirilen duşuşygynda bu barada ylalaşyk gazanyldy. Hatarynda milli assosiýaslaryň 211-sini birleşdirýän iň uly halkara futbol guramasynyň baştutany Merkezi Aziýa ýurtlaryna saparynyň çäklerinde Türkmenistanda bir günlük saparda boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow FIFA-nyň baştutanyna milli çempionatda üstünlikli bäsleşýän adybir «Arkadag» futbol toparynyň döredilendigi we täze şäherde futbol merkezini gurmak kararyna gelnendigi barada gürrüň berdi.

Janni Infantino bu ýeriň ajaýyp tebigy şertleriniň bardygyny, ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine jogapkärli çemeleşilýändigini, munuň futbol bilen meşgullanmak üçin oňyn mümkinçilikleri döredýändigini aýdyp, geljekde bu ýerde FIFA-nyň Okuw-usulyýet merkezini döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.