milli goshun logo
Antoniu Guterrişiň Türkmenistana sapary
Antoniu Guterrişiň Türkmenistana sapary
06.07.2024 103 Habarlar

Düýn – 5-nji iýulda günüň ikinji ýarymynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş türkmen paýtagtyna sapar bilen geldi. Myhmany Milli Liderimiz garşylady.

Gahryman Arkadagymyz belent mertebeli myhman bilen salamlaşyp, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň we hemmetaraplaýyn giňeldilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategik ugry bolup durýandygyny nygtady.

Myhman Gahryman Arkadagymyza ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşýan uly şahsy goşandy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Antoniu Guterriş türkmen halkynyň Milli Lideriniň raýatsyzlygy azaltmak we aradan aýyrmak meselelerini çözmekdäki tagallalaryna ýokary baha berdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň we BMG-niň Baş sekretarynyň awtoulag kerweni paýtagtymyzyň howa menzilinden «Oguzkent» myhmanhanasyna tarap ugrady.