milli goshun logo
Albukerkede Türkmenistanyň medeniýet günleri geçirilýär
Albukerkede Türkmenistanyň medeniýet günleri geçirilýär
24.10.2023 597 Habarlar

Şu gün – 24-nji oktýabrda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Albukerke şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde geçirilýän çärelere badalga berildi. Medeniýet günlerine gatnaşmak üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň uly wekiliýeti ABŞ-a ugradyldy. Şol wekiliýete medeniýet işgärleri we sungat ussatlary, ylym ulgamynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri we talyp ýaşlar girdi. Bu barada TDH habar berýär.

Medeniýet günleriniň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň wekiliýeti Albukerke muzeýine baryp gördüler we bu ýerdäki gymmatlyklar bilen tanyşdylar. Giň dabaraly çäräniň açylyş gününde türkmen wekiliýetiniň agzalary Albukerkäniň Nýu-Meksiko uniwersitetine baryp gördüler we ýokary okuw mekdebi bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Bu ýerde uniwersitetiň ýolbaşçysy bilen bolan duşuşykda ylym-bilim ulgamynda özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol günki çäreleriň çäginde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan ylmy maslahat geçirildi. Maslahatda Magtymguly Pyragynyň eserlerine diňe bir türkmen halky däl, eýsem, dünýäniň beýleki halklary hem çäksiz sarpa goýýandyklary nygtaldy.

Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň hut ABŞ-nyň Albukerke şäherinde geçirilmegi tötänden däldir. Albukerke 1990-njy ýyldan bäri Aşgabadyň doganlaşan şäheridir.

Albukerkede Türkmenistanyň Medeniýet günleri dowam edýär.