milli goshun logo
«Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergi öz işine başlady
«Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergi öz işine başlady
24.05.2024 217 Habarlar

Şu gün – 24-nji maýda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe paýtagtymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ýeten belent sepgitleri we örän uly mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýan «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergi öz işine başlady.

Asylly däbe öwrülen bu halkara sergi Aşgabat şäher häkimligi bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramaklarynda birnäçe ýyllardan bäri Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçirilip, merjen şäherimiz Aşgabady dünýäniň iň ajaýyp şäherleriniň birine öwürmek babatdaky belent maksatlary, işleri dünýä ýaýmakda iňňän uly ähmiýete eýe bolup durýar. Bu halkara sergi bagtyýar raýatlarymyzyň ajaýyp şäherimize çäksiz söýgüsiniň nyşany bolan Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli ata Watanymyzyň paýtagtynyň dürli ugurlarda ýeten belent sepgitlerini görkezmäge mümkinçilik berýär. «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly: «Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp geçirilýän ähli çäreler häzirki döwürde aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergi türkmen paýtagtynyň şäher gurluşygy babatda gazananlaryny we Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini, bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny aýdyň görkezer».

Sergi öz işini dowam edýär.