milli goshun logo
«Ak şäherim Aşgabat» atly XXII köpugurly halkara sergi
«Ak şäherim Aşgabat» atly XXII köpugurly halkara sergi
25.05.2023 2216 Habarlar

24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXII köpugurly halkara sergi öz işine başlady.

 «Ak şäherim Aşgabat» sergisi Türkmenistandaky ägirt uly ykdysady, durmuş özgertmeleriniň aýnasyna öwrülen paýtagtymyzyň keşbinde, şäher düzüminde möçberi we maksady boýunça deňsiz-taýsyz özgertmeleri, onuň iň täze taryhyny, geljekki ösüşini giň gerimde beýan etmäge mümkinçilik döredýär. Bu ýerde bu gün ýurdumyzyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň, guramalaryň, edaralaryň, hususy telekeçileriň 140-a golaýy öz önümlerini görkezýärler. Diýarymyzda yzygiderli geçirilýän halkara forumlaryň türkmen bazaryna gelýän önümleriň we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagyň möhüm guraly bolup durýandygyny bellemek gerek.

Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem-de köp sanly myhmanlar gatnaşdylar.

Döwrebap wideotehnikalar bilen enjamlaşdyrylan giň zallarda, ýagtylandyryjy bannerli we pannoly äpet monitorlar goýlan diwarlyklarda Aşgabadyň ýaşaýyş-durmuşynyň ähli ugurlary görkezilýär. Serginiň ekspozisiýasy döwlet şähergurluşyk syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň beýan edýär. Aşgabatda amala aşyrylýan özgertmeler gurluşyk we binagärlik, senagat, ulag-aragatnaşyk, maliýe-bank ulgamlaryny, ýaşaýyş jaý-jemagat toplumyny, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, syýahatçylyk, sport ulgamlaryny we beýlekileri gurşap alýar.