milli goshun logo
«Ak şäherim Aşgabat» atly XVIII köpugurly halkara sergi geçiriler
«Ak şäherim Aşgabat» atly XVIII köpugurly halkara sergi geçiriler
18.05.2019 2529 Habarlar

17-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly bilelikdäki mejlisinde wise-premýer Ç.Purçekow 25–26-njy maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly XVIII köpugurly halkara sergisine hem-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli meýilleşdirilýän medeni çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu sergä daşary ýurtlaryň işewürler toparlarynyň hem-de iri halkara kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynyň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşlary hem-de Türkmenistanyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, hususy kärhanalary we telekeçileri bar. Olar halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynda öndürilýän önümleriň dürli görnüşlerini görkezerler.

Şanly sene — Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli paýtagtymyzyň seýilgählerinde artistleriň hem-de döredijilik toparlarynyň çykyşlary guralar. Aşgabat şäheriniň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň dördüsi ulanylmaga berler hem-de 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 23-siniň düýbi tutular, şeýle hem Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda täze seýilgähiň açylyş dabarasy bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Ak şäherim Aşgabat» atly XVIII köpugurly halkara sergisiniň täze taslamalary we teklipleri hödürlemek üçin netijeli çäre boljakdygyny, daşary ýurtly myhmanlara Türkmenistanyň halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň hem-de düzümleriniň gazananlary, Aşgabat şäheriniň senagat-medeniýet we intellektual babatda ýeten derejesi, ägirt uly durmuş-ykdysady mümkinçilikleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berjekdigini belledi.