milli goshun logo
«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi
«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi
25.05.2024 244 Habarlar

Ozal habar berşimiz ýaly, düýn – 24-nji maýda paýtagtymyzda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergi öz işine başlady. Bu gözden geçiriliş şähergurluşyk, binagärlik we häzirki zaman şäher infrastrukturasyny döretmek babatda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini, toplan tejribesini we mümkinçiliklerini görkezmäge gönükdirilendir.

Sergini guraýjylar – Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de Söwda-senagat edarasy özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk üçin iň gyzykly teklipleri hödürleýärler. Şolaryň hatarynda gurluşyk, elektroenergetika, gaýtadan işleýän hem-de ýeňil senagat, dizaýn, şäher düzümini döwrebaplaşdyrmaga degişli ugurlar bar. Şeýle çemeleşmäniň esasy ugurlarynyň biri dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek, ösen tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly innowasion ösüşi gazanmakdan ybaratdyr. Hut şu ýörelge bu gezekki serginiň aýratynlygyny kesgitledi. Onuň işine türkmen hem-de daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, kärhanalarynyň, daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň 160-dan gowragynyň wekilleri gatnaşýarlar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergi täze taslamalar we teklipler bilen tanyşdyrmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat eder. Şeýle hem daşary ýurtly myhmanlara Aşgabadyň senagat, medeni, aň-paýhas mümkinçilikleri, ägirt uly durmuş-ykdysady serişdelerini özünde jemleýän Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynyň ýeten sepgitleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.

Sergi şu gün – 25-nji maýda öz işini tamamlar.