milli goshun logo
Ak bugdaý etrabynyň ekerançylary däne tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler
Ak bugdaý etrabynyň ekerançylary däne tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler
22.06.2019 776 Habarlar

21-nji iýunda Watan harmanyna bugdaýyň 89 müň 133 tonnadan gowragyny tabşyran Ak bugdaý etrabynyň ekerançylary däne tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler.

Etrapda bugdaý ekilen ýeriň meýdany 39 müň gektara barabardyr. Kärendeçiler bu ýere bugdaýyň «Bitarap», «Sähraýy», «Kalim», «Batko», «Moskowskiý — 56», «Bagrat» ýaly ýerli toprak-howa şertlerinde oňat netijeleri görkezen görnüşlerini ekdiler.

Galla oragyna «СLAAS», «John Deere» we «Сase» ýaly dünýäde belli firmalaryň däne ýygyjy kombaýnlarynyň 100-den gowragy çekildi. Olara tehniki hyzmat etmek üçin ätiýaçlyk şaýlary, enjamlar we aragatnaşyk serişdeleri ýaly zerur zatlar bilen üpjün edilen toparlar berkidildi. Meýdanlardan bugdaýy ýük awtoulaglarynyň 600-den gowragy etrapdaky kabul ediş bölümleriň we elewatorlaryň 9-syna daşady.

Etrapda M.Sopyýew adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň, A.Nyýazow adyndaky, şeýle hem «Magtymguly», «Bereketli», «Bugdaýly», «Ýaşyldepe, «Ýerbent» we beýleki daýhan birleşikleriniň ekerançylary şertnamalaýyn borçnamalaryna ilkinjileriň hatarynda hötde geldiler.