milli goshun logo
Ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine
Ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine
08.07.2024 104 Habarlar

Şenbe güni – 6-njy iýulda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany myhmansöýer türkmen topragynda tüýs ýürekden mübärekläp hem-de ýurdumyza sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da berkitmekdäki şahsy tagallalary üçin hoşallygyny beýan etdi.

Baş sekretar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekdäki uly üstünliklerini kanagatlanma bilen nygtap, tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbidine öz parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga çalyşýan türkmen tarapynyň möhüm halkara başlangyçlarynyň we köpugurly işiniň ähmiýetini aýratyn belledi.

Geçirilen gepleşikler Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň toplumlaýyn strategik dialogynyň dowam etdirilýändigine şaýatlyk edýär.