milli goshun logo
Ählihalk ýowary ýokary guramaçylykly geçiriler
Ählihalk ýowary ýokary guramaçylykly geçiriler
20.03.2019 1313 Habarlar

19-njy martda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyna döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýewi çagyrdy. Ministr häzirki döwürde ýurdumyzyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, gowaça ekişine guramaçylykly girişmek boýunça görülýän taýýarlyk işleriniň derejesi barada hasabat berdi.

Gowaça ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň, ekiş geçiriljek ýerleriň taýýarlyk derejesi agrotehniki kadalara doly laýyk gelýär. Şeýle hem kärendeçileriň ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjünçiligi, suwaryş suwlarynyň ýeterlik derejesi yzygiderli gözegçilikde saklanýar. Şeýlelikde, ýaz-meýdan işleriniň degişli kada laýyk ýagdaýda alnyp barylmagy üçin ähli zerur şertler döredildi.

Şeýle hem hasabatyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde köpçülikleýin bag ekişiniň geçiriljek ýerleriniň, ekiljek bag nahallarynyň görnüşleriniň kesgitlenendigi barada habar berildi. Şunlukda, tutuş ýurdumyz boýunça ählihalk ýowar gününde saýaly, pürli we miweli agaç nahallary bilen bir hatarda, üzümleriň birnäçe görnüşleri, Garagum derýasynyň ýakasynda bolsa tut nahallary ekiler. Ählihalk ýowarynyň ýokary guramaçylykly geçirilmegine gönükdirilen ýörite iş meýilnamasy taýýarlanyldy.