«Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek,
sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da
ýokarlandyrmak, şeýle hem Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini
gurmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama
laýyklykda, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde welaýatyň täze, döwrebap
edara ediş merkezini 2019 — 2022-nji ýyllarda tapgyrlaýyn gurmak, hususan-da,
gurluşygyň birinji tapgyryny 2019 — 2021-nji ýyllarda we ikinji tapgyryny 2020
— 2022-nji ýyllarda amala aşyrmak bellenildi.
Gurluşyk we
binagärlik ministrligine guruljak Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş
merkeziniň baş meýilnamasyny 3 aý möhletde işläp düzmek tabşyryldy.
Gurluşyk we
binagärlik ministrligi, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş
edaralary hem-de Ahal welaýatynyň häkimligi welaýatyň täze, döwrebap edara ediş
merkezinde gurulmaly binalaryň we desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde
tamamlanmagyny üpjün etmäge borçly edildi.