milli goshun logo
Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezini gurmak boýunça wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy
Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezini gurmak boýunça wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy
27.11.2019 957 Habarlar

26-njy noýabrda irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň dörediljek ýerindäki gurluşygyň nobatdaky tapgyryna girişmek hakyndaky Karara gol çekdi.

Şol gün Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedow wagt ýitirmän, gurluşyga dahylly birnäçe ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň düzümleriniň hem-de sebitiň gurluşyk boýunça jogapkär işgärleriniň, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň, iri kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Onuň gün tertibine döwlet Baştutanymyzyň bu resminamada kesgitlän wezipelerini durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Iş maslahatynyň dowamynda häkim milli Liderimiziň kabul eden çözgüdi barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň çäginde dörediljek täze şäheriň gurluşygy we zerur düzümi emele getirmek bilen baglanyşykly birnäçe wezipeler, şeýle hem gurluşygy tamamlamagyň möhletleri kesgitlendi.

Döwlet Baştutanymyzyň şu gün gol çeken Kararyna laýyklykda, bu ýerde ýaşaýyş jaýlarynyň 59-synyň gurluşygy bilen bir hatarda içerki we daşarky eltiji elektrik, aragatnaşyk we gaz ulgamlaryny hem-de ýollary çekmek meýilleşdirildi.