milli goshun logo
Ahal welaýatynyň pileçileri borçnamalaryny berjaý etdiler
Ahal welaýatynyň pileçileri borçnamalaryny berjaý etdiler
16.05.2019 425 Habarlar

Ahal welaýatynyň pileçi kärendeçileri 156 tonnadan gowrak pile öndürip, ýurdumyzda ilkinji bolup şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli berjaý edilendigi barada habar berdiler. Bu barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa 15-nji maýda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynyň barşynda şu welaýatyň häkimi habar berdi.

Milli Liderimiz welaýatyň ýüpekçilerini meýilnamanyň üstünlikli berjaý edilmegi bilen gutlap, olara täze zähmet üstünliklerini, beýleki welaýatlaryň pileçilerine gymmatly çig maly taýýarlamak işini üstünlikli tamamlamagy arzuw etdi. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň «2019-njy ýylda pile taýýarlamak hakynda» Kararyna laýyklykda, Dokma senagaty ministrligine 2 müň 30 tonna möçberde ýüpek pilesini öndürmek barada welaýatlaryň häkimlikleri bilen şertnamalary baglaşmak tabşyryldy.