milli goshun logo
Ahal welaýatynyň ekerançylary galla taýýarlamak boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirdiler
Ahal welaýatynyň ekerançylary galla taýýarlamak boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirdiler
26.06.2019 321 Habarlar

25-nji iýunda welaýatda Watan harmanyna azyklyk bugdaýyň 450 müň tonnasyndan gowragyny tabşyryp, ýurdumyzda ilkinji bolup galla taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetiren gallaçylaryň zähmet ýeňşi mynasybetli dabaralar geçirildi.

Şu ýyl Ahal welaýatynda 209 müň gektar meýdana bugdaý ekildi. Döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen kabul ediş bölümlerinde, ammarlarda we elewatorlarda täze hasylyň hili «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň hünärmenleri tarapyndan barlanylýar. Daýhanlar bilen hasaplaşyklar «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň ýerli bölümleri arkaly öz wagtynda amala aşyrylýar.

Welaýatyň gallaçylary meýdanlarda galan hasyly soňky dänesine çenli ýygnap almak işini dowam etdirýärler. Şol bir wagtyň özünde, bugdaýdan boşan meýdanlarda aralyk ekinler ekilýär. Mundan başga-da, ekerançylar ekin meýdanlaryny öňümizdäki bugdaý ekişine taýýarlamak boýunça çäreleri görýärler.