milli goshun logo
Ahal welaýatynda täze hassahana ulanylmaga berildi
Ahal welaýatynda täze hassahana ulanylmaga berildi
09.12.2019 994 Habarlar

8-nji dekabrda Ahal welaýat häkimliginiň buýurmasy boýunça Kaka etrabynda «Dost gurluşyk, söwda önümçilik» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri tarapyndan gurlan täze hassahana ulanmaga berildi. Onuň binasynda hirurgiýa, reanimasiýa, terapiýa, çagalar hem-de maslahat beriş-anyklaýyş bölümleri, rengenologiýa, stomatologiýa, fizioterapiýa, owkalama bölümleri bar.

Täze binanyň dolandyryş bölüminde iki sany maslahatlar zaly ýerleşdirildi. Şeýle hem binalar toplumyna awtoduralga, naharhana we beýleki desgalar göz öňünde tutuldy. Gurluşyk işleriniň barşynda ýokary hilli we ekologiýa häsiýetnamalary bilen tapawutlanýan döwrebap gurluşyk serişdeleri ulanyldy.

Maddy-enjamlaýyn we tehnologik üpjünçiligiň ýokary derejesi hem-de täze hassahananyň işgärleriniň hünär derejesi näsaglara ýokary hilli hyzmat etmek hem-de hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşini artdyrmak üçin şert döredýär.