milli goshun logo
Ahal welaýatynda hususy işewürlige degişli iki senagat desgasynyň açylyş dabarasy boldy
Ahal welaýatynda hususy işewürlige degişli iki senagat desgasynyň açylyş dabarasy boldy
21.03.2019 876 Habarlar

20-nji martda Ak bugdaý etrabynda hususy işewürlige degişli iki senagat desgasynyň – ýuwujy serişdeleri hem-de polipropilen gaplary öndürýän häzirki zaman kärhanalarynyň açylyş dabaralary boldy.

Täze desgalaryň biri ýylda ýuwujy serişdeleriň 50 tonnasyny öndürmäge niýetlenen kärhanadyr. Ýerli gurluşyk kompaniýasy tarapyndan bina edilen senagat desgasynyň düzüminde Türkmenistandan, şeýle hem Türkiýeden, Hindistandan, Hytaýdan, Germaniýadan, Daniýadan we Malaýziýadan getirilýän çig malyň hilini we ahyrky önümiň hilini barlamak üçin niýetlenen merkezi barlaghana hereket edýär. Bu ýerde iş orunlarynyň 150-si döredildi.

Bu etrapda ulanmaga berlen ýene bir desga polipropilen matasyndan sygymy 300 kilogramdan 3 tonna çenli bolan iri göwrümli gaplary öndürmek boýunça «Bir Dünýä» hojalyk jemgyýetiniň kärhanasydyr. Bu kärhana ýylda bir million halta öndürmäge deň bolan önümçilik kuwwatynda işe girizildi, geljekde bolsa ol iki esse artdyrylar hem-de gury ürgün azyk we azyk däl önümleri hem-de serişdeleri saklamak we ibermek üçin ýokary hilli polipropilen gaplar bilen içerki hem-de daşary ýurtly sarp edijileri üpjün eder.