milli goshun logo
Ahal welaýaty — sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň öňdebaryjysy
Ahal welaýaty — sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň öňdebaryjysy
17.12.2019 1015 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Ahal welaýaty döwlet dolandyryşy tejribesine, şol sanda elektron resminama dolanyşygy ulgamyna sanly maglumat tehnologiýa ornaşdyrylan ýurdumyzyň ilkinji sebiti boldy.

16-njy dekabrda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynyň barşynda bu barada welaýatyň häkimi Serdar Berdimuhamedow hormatly Prezidentimize hasabat berdi.

Welaýatlaryň işini sanly tehnologiýa ulgamy arkaly ýola goýmak milli Liderimiziň tabşyrygy esasynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleriň möhüm ugry bolup durýar. Şonuň çäklerinde Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hünärmenleri zerur enjamlary hem-de programma üpjünçiligini gurnap, Ahal welaýatynyň häkimliginiň özünde elektron resminama dolanyşygy ulgamyny ornaşdyrdylar.

Häzirki wagtda Ahal welaýatynyň häkimliginiň garamagyndaky edara-kärhanalarynda hem elektron resminama dolanyşygyna birikdirmek maksady bilen şonuň ýaly işler dowam etdirilýär.