milli goshun logo
Adam hukuklaryny üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisi
Adam hukuklaryny üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisi
25.10.2019 475 Habarlar

24-nji oktýabrda Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Mejlisiniň, käbir ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibine şu ýylyň dokuz aýynda bu düzümiň geçiren işleriniň jemleri, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maksatnamalaýyn çykyşlaryndan gelip çykýan möhüm wezipeleri kesgitlemek bilen bagly meseleler girizildi.

Ýurdumyzyň hukuk ulgamyny kämilleşdirmek hem-de ýurdumyzyň adam hukuklary we azatlyklary babatda halkara borçnamalaryny iş ýüzünde amala aşyrmak, milli maksatnamalaryň we hereketler meýilnamalarynyň taslamalaryny taýýarlamak toparyň işiniň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar.