milli goshun logo
«Açyk gapylar» syýasatyna eýerip
«Açyk gapylar» syýasatyna eýerip
30.05.2023 599 Habarlar

29-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Daewoo Engineering & Сonstruсtion Сo., Ltd» kompaniýasynyň esaslandyryjysy we müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju bilen geçiren duşuşygynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Häzirki döwürde Türkmenistanda milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak, ony diwersifikasiýalaşdyrmagyň we iri önümçilik taslamalaryny amala aşyrmagyň hasabyna ösdürmek maksatnamalary durmuşa geçirilýär. Hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de täze ugurlar boýunça ilerletmekde ägirt uly mümkinçilikler bar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi. Hususan-da, koreýaly öňdebaryjy hünärmenleriň täze şäherleriň gurluşygyny taslamalaşdyrmagyň we ony dolandyrmagyň oňyn tejribesini, işläp taýýarlamalaryny öwrenmegiň hem-de ornaşdyrmagyň geljegi bellenildi. Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde täze, döwrebap Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasyny geçirmäge taýýarlyk görülýär. Onuň gurluşygy «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda amala aşyrylýar. Bu bolsa hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Türkmen tarapynyň Koreýa Respublikasynyň daşky gurşawy goramak, ekologiýa, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, energiýany gaýtadan dikeltmegiň çeşmeleri babatda gazanan tejribesini öwrenmäge bolan gyzyklanmalary beýan edildi. Şeýle hem nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň mümkinçilikleri barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Koreýa Respublikasyny özüniň möhüm ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde görýär we uzak möhletleýin, strategik esasda hyzmatdaşlygy ýola goýýar. Şunda koreý tarapynyň teklipleriniň öwrenilmegine zerur üns berilýär.