milli goshun logo
7-nji aprelde Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanyp medeni-köpçülikleýin çäreler geçiriler
7-nji aprelde Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanyp medeni-köpçülikleýin çäreler geçiriler
30.03.2019 1245 Habarlar

29-njy martda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer P.Agamyradow 7-nji aprelde ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde mekdep okuwçylarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hem-de mugallymlarynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň we etraplaryň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan bedenterbiýe-sport hem-de medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiziň şanly sene mynasybetli geçiriljek çäreler baradaky tabşyryklaryna laýyklykda, dürli meýdançalarda — Saglyk ýolunda, seýilgäh we sport toplumlarynda, stadionlarda we beýlekilerde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli sport ýaryşlary geçiriler we görkezme çykyşlary guralar. Şeýle hem sportuň milli görnüşleri boýunça bäsleşikleri geçirmek meýilleşdirilýär.