milli goshun logo
5-nji iýunda galla oragyna badalga berler
5-nji iýunda galla oragyna badalga berler
25.05.2019 631 Habarlar

24-nji maýda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde orak möwsümini gysga wagtyň içinde we guramaçylykly geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda 5-nji iýundan, Daşoguz we Balkan welaýatlarynda bolsa 12-nji iýundan galla oragyna başlamaga ak pata berýärin diýip belledi.

Hormatly ýaşulularyň ýerlerde orak möwsümini «Bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş edip, döwlet Baştutanymyz edermen gallaçylara, ýurdumyzyň ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, saçaklarymyzyň berekedi, ýaşaýşyň çeşmesi bolan guşgursak bugdaýyň mukdaryny yzygiderli artdyryp, täze zähmet üstünliklerini gazanmagy tüýs ýürekden arzuw etdi.