milli goshun logo
5-6-njy noýabrda Aşgabatda XIII halkara kitap sergi-ýarmarkasy geçiriler
5-6-njy noýabrda Aşgabatda XIII halkara kitap sergi-ýarmarkasy geçiriler
19.10.2019 348 Habarlar

18-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Abdyýewa 5-6-njy noýabrda Aşgabatda geçiriljek XIII halkara kitap sergi-ýarmarkasyna hem-de «Kitap — hyzmatdaşlyga we ösüşe tarap ýol» atly ylmy maslahata taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Foruma neşirýat-çaphana gulluklarynyň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Sergi-ýarmarkanyň çäklerinde, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýazyjylarynyň we şahyrlarynyň okyjylar bilen döredijilik duşuşyklaryny, «tegelek stoluň» başynda çekişmeleri hem-de beýleki çäreleri guramak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nobatdaky halkara kitap sergi-ýarmarkasyny hem-de «Kitap — hyzmatdaşlyga we ösüşe tarap ýol» atly ylmy maslahaty ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň wajypdygyny aýtdy.