milli goshun logo
31-nji maýda Aşgabatda GDA-nyň nobatdaky mejlisi geçiriler
31-nji maýda Aşgabatda GDA-nyň nobatdaky mejlisi geçiriler
29.05.2019 564 Habarlar

24-nji maýda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň alyp barýan işi, 31-nji maýda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, häzirki döwürde zerur guramaçylyk işleri alnyp barylýar. Mejlisiň gün tertibine GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ykdysady we ynsanperwer ugurlary boýunça meseleleriň toplumy giriziler. Onuň jemleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar.