milli goshun logo
3 million düýp nahal ekiler
3 million düýp nahal ekiler
16.02.2019 840 Habarlar

15-nji fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli kararyň taslamasy hödürlenildi, oňa laýyklykda, Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde 2019-njy ýylda paýtagtymyzda we onuň töwereginde, welaýatlaryň çäklerinde saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 3 million düýp nahaly ekiler.

Hormatly Prezidentimiz ekologiýa abadançylygy, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi babatda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän umumymilli bag ekmek maksatnamasynyň uly ähmiýetini nygtady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Ýurdumyzda 2019-njy ýylda bag ekmek hakyndaky» Karara gol çekip, wise-premýere şäherleriň we obalaryň golaýynda, çäklerini barha giňeldýän paýtagtymyzda tokaý zolaklaryny döretmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.