milli goshun logo
28-nji iýunda Ahal welaýatyndaky gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasy bolar
28-nji iýunda Ahal welaýatyndaky gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasy bolar
15.06.2019 609 Habarlar

14-nji iýunda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Meredow ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de 28-nji iýunda Ahal welaýatyndaky gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, bu waka bagyşlanan dabaralaryň maksatnamasy barada habar berildi.

Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlary hem-de kämil tehnologiýalary bilen üpjün edilen kärhana görkezijiler boýunça täsin bolup durýar. Bu ýerde dünýä tejribesinde ilkinji gezek senagat möçberinde tebigy gazdan sintetiki awtomobil ýangyjy öndüriler.

Zawodyň taslama kuwwaty Euro-5 standarty boýunça ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän benziniň 600 müň tonnasyny, şeýle hem bir ýylda arassalanan dizel ýangyjynyň 12 müň tonnasyny we suwuklandyrylan gazyň 115 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenendir.