milli goshun logo
Bahreýn Patyşalygynda türkmen-bahreýn işewürler maslahaty geçiriler
Bahreýn Patyşalygynda türkmen-bahreýn işewürler maslahaty geçiriler
23.11.2019 545 Habarlar

22-nji noýabrda geçirilen hökümet mejlisinde wise-premýer Ç.Gyylyjow 27-nji noýabrda Bahreýn Patyşalygynyň Manama şäherinde geçiriljek türkmen-bahreýn işewürler maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Duşuşyga nebiti gaýtadan işleýän, himiýa, dokma we azyk senagatlarynda, senagat harytlarynyň önümçiliginde, gämi gurluşygynda, şeýle hem kommunikasiýa, syýahatçylyk, söwda, maýa goýum, bank ulgamy ýaly ugurlarda ýöriteleşdirilen döwlet düzümleriniň, kompaniýalaryň wekilleri gatnaşarlar.

Forumyň dowamynda bahreýn tarapyny Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary, öňdebaryjy pudaklarda amala aşyrylýan giň möçberli taslamalar bilen tanyşdyrmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem onuň gün tertibine döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri giriziler. Çäräniň deslapky maksatnamasyna laýyklykda, ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek we birnäçe kärhanalara, senagat toplumyna baryp görmek göz öňünde tutulýar.