milli goshun logo
22–27-nji iýun aralygynda Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler
22–27-nji iýun aralygynda Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler
15.06.2019 1307 Habarlar

14-nji iýunda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Abdyýewa döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa 22 — 27-nji iýun aralygynda Balkan welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligine taýýarlyk görlüşi hem-de Medeniýet we sungat işgärleriniň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çäreleri barada hasabat berdi.

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde birnäçe çäreleri, şol sanda döredijilik toparlarynyň çykyşlaryny, şygryýet agşamlaryny, sergileri, ylmy-amaly we usuly maslahatlary teatrlaşdyrylan edebi çykyşlary, şeýle hem Magtymguly etrabynyň gözel ýerlerine, Gerkez obasyndaky Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine hem-de beýik akyldar şahyryň muzeýine baryp görmek göz öňünde tutulýar.

Däp bolşy ýaly, döredijilik işgärleriniň baýramçylygyna opera sahnasy taýýarlanyldy, onuň ilkinji görkezilişi Balkan welaýatynyň Döwlet drama teatrynda geçiriler.