milli goshun logo
22 – 24-nji oktýabrda Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2019» atly forum geçiriler
22 – 24-nji oktýabrda Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2019» atly forum geçiriler
30.05.2019 571 Habarlar

29-njy maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer M.Meredow ýangyç-energetika toplumynyň dürli pudaklarynda işleriň ýagdaýy, «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny» durmuşa geçirmek üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem wise-premýer «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2019» atly XXIV halkara maslahatyny we sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. «Türkmennebit» döwlet konserniniň hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde gurajak forumyny 22 — 24-nji oktýabrda Aşgabatda geçirmek bellenilýär.

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2019» atly maslahaty guramak we onuň maksatnamasy babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berip, forumyň täze taslamalara badalga bermek, nebitgaz senagatynda dünýä meýilleri bilen tanyşmak üçin netijeli çärä öwrülip gelýändigini aýtdy.