milli goshun logo
22-24-nji oktýabrda Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti hem-de gazy — 2019» atly XXIV halkara maslahaty we sergisi geçiriler
22-24-nji oktýabrda Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti hem-de gazy — 2019» atly XXIV halkara maslahaty we sergisi geçiriler
19.10.2019 324 Habarlar

18-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Meredow 22-24-nji oktýabr aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti hem-de gazy — 2019» atly XXIV halkara maslahatyny we sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli kararyna laýyklykda, forum «Türkmennebit» döwlet konserni hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralýar. Garaşylyşy ýaly, foruma dünýäniň ençeme ýurtlaryndan hünärmenler, şol sanda ugurdaş kompaniýalaryň, pudaklaýyn düzümleriň, halkara guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşar.

Maslahatyň gün tertibine energetika bazarlarynyň ösüşinde ählumumy meýiller hem-de gyzyklanma bildirýän taraplar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi, maýa goýum işleri, ýangyç-energetika toplumynyň gazhimiýa we nebiti gaýtadan işleýän pudaklaryny ösdürmegiň geljegi bilen bagly meseleler giriziler.

Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy, halkara turba geçirijileriniň taslamalaryny amala aşyrmak mowzuklary boýunça pikir alşylar. Forumyň maksatnamasyna laýyklykda daşary ýurtly gatnaşyjylary Ahal welaýatynda gurlan tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşy bilen tanyşdyrmak ýaly çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle forumlar daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek, pudaga iň gowy dünýä tejribesini we täze tehnologiýalary çekmek, energetika bazarlarynyň häzirki ösüş meýilleri bilen tanyşmak üçin uly mümkinçilikleri açýar diýip, hormatly Prezidentimiz degişli ugurda toplumlaýyn işleri dowam etmegi tabşyrdy.