milli goshun logo
2023-nji ýylyň şygarynyň yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy
2023-nji ýylyň şygarynyň yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy
04.02.2023 303 Habarlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ähli ugurlarda gazanan uly üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini, taryhy özgerişlerini, jemgyýetimiziň abadançylygyny, ýaşlaryň bagtyýar durmuşyny has-da şöhratlandyrmak, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli maksatnamalaryň, iri taslamalaryň taryhy ähmiýetini giňden wagyz etmek maksady bilen, şeýle hem 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.