milli goshun logo
20–22-nji iýulda «Saglyk – 2019» atly halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler
20–22-nji iýulda «Saglyk – 2019» atly halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler
22.06.2019 416 Habarlar

21-nji iýunda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer P.Agamyradow «Saglyk – 2019» atly halkara sergä we ylmy maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Däp bolşy ýaly, forum Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanylyp, 20–22-nji iýulda geçiriler.

Sergide dünýäniň 40-dan gowrak döwletinden meşhur kompaniýalaryň 200-den gowragynyň ýörite enjamlarynyň we degişli önümleriniň nusgalary, derman serişdeleri hem-de ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň we daşary ýurtly hyzmatdaşlarynyň gazanan üstünlikleri görkeziler. Maslahatyň işi häzirki zaman lukmançylygy ösdürmegiň dürli ugurlaryna we geljegine bagyşlanan bölümleri boýunça geçiriler. Oňa dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan görnükli alymlaryň we professorlaryň, daşary ýurtlaryň ýokary lukmançylyk okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de daşary ýurtlaryň birnäçesiniň saglygy goraýyş edaralarynyň we pudaklaýyn ministrlikleriniň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek barada Ähtnamalaryň hem-de Ylalaşyklaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak we gol çekmek göz öňünde tutulýar.