milli goshun logo
2021-nji ýylda Aşgabatda trek welosporty boýunça dünýä çempionaty geçiriler
2021-nji ýylda Aşgabatda trek welosporty boýunça dünýä çempionaty geçiriler
04.06.2019 1475 Sport

3-nji iýunda Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp geçirilen dabarada Welosipedçileriň halkara birleşiginiň (UCI) ýolbaşçysy Dawid Lappartýene söz berildi.

Ol döwlet Baştutanymyzy bu günki baýramçylyk bilen gutlady.

Dünýäde sport bilen meşgullanýan Prezidentleriň biri hökmünde döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallasy netijesinde Türkmenistanda welosiped sporty sazlaşykly ösüşe eýe boldy. Şu nukdaý nazardan jenap Lappartýen Welosipedçileriň halkara birleşigi 2021-nji ýylda trek welosporty boýunça dünýä çempionatyny geçirmek üçin ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäheriniň seçilip alnandygyny habar berdi.

Myhman çykyşynyň ahyrynda bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda degişli güwänamany gowşurdy.