milli goshun logo
2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly
2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly
17.09.2019 2253 Habarlar

16-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyz üçin ähmiýetli wakalara bagyşlanylan sanly ulgam arkaly wideokonferensiýa geçirdi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan möhüm resminama — 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyz wideokonferensiýany açyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkda ýerleşen ştab-kwartirasyndan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ýokary halkara abraýynyň hem-de ýurdumyzyň öňe sürýän netijeli başlangyçlarynyň ählumumy ykrarnama eýe bolýandygynyň nobatdaky ajaýyp subutnamasyna öwrülen hoş habaryň gelip gowşandygyny habar berdi.