milli goshun logo
2020-nji ýylyň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2020-nji ýylyň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy
11.03.2019 528 Habarlar

10-njy martda Milli sport we syýahatçylyk institutynda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, 2020-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek ХХХII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak we olaryň öňde boljak ýaryşlara gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça Guramaçylyk toparynyň giňişleýin düzümdäki mejlisi geçirildi.

Mejlise Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary Milli sport we syýahatçylyk institutynyň mugallymlary hem-de talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Onuň gün tertibine halkara sport hyzmatdaşlygyny giňeltmek, ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň 2020-nji ýylyň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagy, okuw-türgenleşik işlerini guramak we beýlekiler bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.