milli goshun logo
2019-njy ýylyň on aýynyň ykdysady görkezijileri
2019-njy ýylyň on aýynyň ykdysady görkezijileri
16.11.2019 795 Habarlar

2019-njy ýylyň on aýynda jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,9 göterim ýokarlandy.

Ýanwar — oktýabr aýlarynda bölek satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 19,1 göterim artdy, Daşary söwda dolanyşygy bolsa 4,2 göterim ýokarlandy.

Hasabat döwründe Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 15,7 milliard manada we çykdajy bölegi 15,6 milliard manada deň boldy.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 2018-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 9,6 göterim ýokarlandy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Rejelenen görnüşindäki Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde, ýurdumyz boýunça durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň 92-siniň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň 35-siniň gurluşyk işleri alnyp baryldy.