milli goshun logo
19-23-nji noýabrda Aşgabatda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwaly geçiriler
19-23-nji noýabrda Aşgabatda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwaly geçiriler
02.11.2019 1240 Habarlar

1-nji noýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer B.Abdyýewa 19-23-nji noýabr aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwalyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Döredijilik forumyna ABŞ-dan, Eýrandan, Italiýadan, Hindistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Owganystandan, Russiýadan, Täjigistandan, Türkiýeden, Ukrainadan, Özbegistandan we Estoniýadan teatr toparlarynyň, sungatşynaslaryň hem-de sahna işi boýunça hünärmenleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

Festiwala gatnaşyjylar öz sahna oýunlaryny görkezerler, şeýle hem onuň çäklerinde sungat sergileri, döredijilik duşuşyklary, maslahatlar we ussatlyk sapaklary geçiriler. Myhmanlar üçin paýtagtymyzyň muzeýlerine we gözel ýerlerine gezelençler guralar.