milli goshun logo
18-21-nji noýabrda Aşgabatda «SPEKA günleri» geçiriler
18-21-nji noýabrda Aşgabatda «SPEKA günleri» geçiriler
09.11.2019 624 Habarlar

8-nji noýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimize Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny (SPEKA) durmuşa geçirmäge bagyşlanan ýokary derejeli halkara çärelere taýýarlyk görlüşi barada habar berdi.

SPEKA maksatnamasy 21 ýylyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlary, Azerbaýjan, Owganystan hem-de BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy, BMG-niň Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti üçin Ykdysady we durmuş komissiýasy (ESKATO) bilen bilelikde netijeli amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň SPEKA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde 18-21-nji noýabrda Aşgabatda ýokary derejedäki halkara çäreleri («SPEKA günleri») geçiriler.

Şol çäreleriň hatarynda SPEKA maksatnamasyna gatnaşyjy ýurtlaryň söwda syýasaty boýunça forumy, SPEKA maksatnamasynyň durnukly ulag we söwda boýunça iş toparlarynyň mejlisleri hem-de «SPEKA — 2019» ykdysady forumy bar. Şol forumyň netijeleri boýunça «Aşgabat başlangyjy» atly resminamany kabul etmek meýilleşdirilýär. 21-nji noýabrda SPEKA maksatnamasynyň Dolandyryjy geňeşiniň 14-nji mejlisi geçiriler.