milli goshun logo
«Ýylyň harby psihology» bäsleşiginiň jemi jemlendi
«Ýylyň harby psihology» bäsleşiginiň jemi jemlendi
07.12.2019 2134 Harby Bilim

5 – 6-njy dekabrda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde «Ýylyň harby psihology» atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu bäsleşik ýurdumyzyň iň ökde harby psihologlaryny kesgitlemäge we Ýaragly Güýçlerimizde bu hünäriň ähmiýetini artdyrmaga mümkinçilikleri döredýär.

Harby psihologlar harby gullukçylary dürli söweşjeň wezipeleri ýerine ýetirmäge ruhy taýdan taýýarlaýar, harby toparlarda dostluk gatnaşyklaryny saklamaga ýardam edýär, harby gullukçylaryň psihologik ýagdaýyny seljerýär. Harby psihologlaryň arasynda bäsleşigiň geçirilmegi olaryň hünär başarnyklarynyň kämilleşmegine ýardam edýär.

Bäsleşigiň şertleri boýunça psiholog serkerdeler 2019-njy ýylyň dowamynda öz harby bölümlerinde geçirilen işler barada prezentasiýalar, deslapky hünär mowzuklary boýunça nutuklar bilen çykyş etdiler, test soraglaryna jogap berdiler, öz tejribelerinde ulanýan dikeldiş usullary barada gürrüň berdiler.

Milli goşunymyzyň hemme harby bölümlerinde ýörite psihologiki kömek beriş we dikeldiş otaglary döredildi. Olar ýumşak mebeller, aýdym diňlemek, wagyz-nesihat işlerini geçirmek we wideoşekilleri görmek üçin ýörite enjamlar bilen üpjün edilen. Harby psihologlar şahsy düzüm we esgerleriň ene-atalary bilen ýygy-ýygydan duşuşyklary geçirýärler, psiholigiýa hepdeliklerini geçirýärler.

Harby psihologlar tarapyndan esgerler üçin geçirilýän psihologiki testler uly ähmiýete eýedir. Olaryň kömegi bilen esgerleri taýýarlamak boýunça teklipler berilýär, terbiýeçi serkerdeler tarapyndan geçirilýän wagyz-nesihat çäreleriniň mazmuny kesgitlenilýär. Bäsleşige gatnaşyjylar şahsy düzüm bilen işlemek üçin taýýarlanan öz okuw gollanmalarynyň ýigrimiden gowragyny emin-agzalaryň garamagyna hödürlediler.

Bäsleşikde birinji orna we «Ýylyň harby psihology» adyna Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri üçin hünärmenleri taýýarlamak müdirliginiň psihology, maýor Aýna Rahmanowa mynasyp boldy. Ikinji orny Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň psihology maýor Nabat Nurgeldiýewa, üçünji orny Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Guryýer goşunlary müdirliginiň psihology kapitan Sona Joraýewa eýelediler. Ýeňijilere gymmat bahaly sowgatlar we Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bäsleşigiň suratlaryny «Multimediýa» bölümimizden görüp bilersiňiz.

«Milli goşun».