Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýanyndaky ýurdumyzyň harby we hukuk
goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetiniň 150 orunlyk naharhanasynda ýokumly
tagamlary taýýarlamak, serhetçileri talabalaýyk iýmitlendirmek üçin ähli zerur
şertler üpjün edilipdir. Naharhananyň we aşhananyň enjamlaşdyrylyşy hem-de
arassaçylyk derejesi häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýolbaşçylary harby gullukçylar üçin taýýarlanylýan tagamlaryň ýokumlylyk derejesi we görnüşleri bilen gyzyklandylar.
Naharhanada milli tagamlaryň dürli görnüşleri taýýarlanylýar hem-de olaryň tagamyna, ýokumlylyk derejesine möhüm ähmiýet berilýär. Bu ýerde gurnalan häzirki zaman enjamlary hem-de aşpezleriň işlemegi üçin döredilen şertler naharlary taýýarlamak işlerini ýeňilleşdirýär.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyna we Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygyna taýýarlanylan tagamlar görkezildi.