milli goshun logo
Ýokary hünärli serkerdeler – milli goşunymyzyň kuwwaty
Ýokary hünärli serkerdeler – milli goşunymyzyň kuwwaty
02.06.2019 2148 Harby Bilim

Ýakynda Türkmenistanyň Harby akademiýasynda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň serkerdelerine hünärini kämilleşdirenligi barada degişli resminamalar we diplomlar gowşuryldy. Öz bilimini artdyran we goşmaça tejribe alan harby gullukçylar diňe goranyş häsiýetli Harby doktrinamyza ygrarly bolup, Garaşsyz baky Bitarap ýurdumyzyň goranyş kuwwatyna mynasyp goşant goşarlar.

Alnyp barylýan şeýle asylly işler Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň serkerdeleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de Watan goragyna ýokary derejede taýýarlamakdan ybarat bolup durýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyz bu babatda şeýle diýýär: «Gerçekligiň mekdebi atalarymyzyň Watana ygrarlylygynyň mekdebidir. Bu mekdep kişi hökmünde seniňem, islendik ýagdaýda Watany goramaga güýjüňi we gaýratyňy, iň esasanam, ussatlygyňy äşgär edýän ylym-bilimiň, tälim-terbiýäniň toplumydyr».

Täze hünärleri, kärleri we derejeleri özleşdiren, ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimini bermek boýunça bilim maksatnamalaryny amala aşyran Watan goragçylary nesip bolsa, Watanymyzyň sarsmaz galasy bolarlar.

«Milli goşun».